SIZDEN GELENLER

Türkmenistan “ýaşyl” energiýa aýratyn ähmiýet berýär

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy bolan ýangyç-energetika toplumy ähli ulgamlaryň ösmegine oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumy yzygiderli ösdürilýär, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýleki ugurlar bilen birlikde ýangyç-energetika toplumynyň ösüş ugry boýunça wezipeleri kesgitledi.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän nebitgaz toplumynyň düzüm birlikleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy barha ilerledilýär. Ýurdumyzyň energiýanyň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda beýanyny tapýar. Munuň özi energetika eksportynyň täze, has durnukly we ygtybarly ulgamynyň arhitektory hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, işewür düzümleri bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda vangyc-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn, ylym-bilim binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde energetika pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Ýaş hünärmenler ýangyç-enerhetika toplumyna degişli düzümlerde öz tejribeliklerini geçip, alan bilimlerini tejribelikde hem giňden ornaşdyrýarlar. Halkara bilim standartlarynyň ornaşdyrylmagy beketlerdäki çylşyrymly enjamlary dolandyrýan ýaş hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda dünýäniň energetika bazarynda wodoroda geljegiň ýangyjy we uglerod bitaraplygyny gazanmagyň esasy guraly hökmünde garalýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň energetika bazarynda wodorodyň paýynyň 12 — 15 göterime ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa tehnologik özgertmeleri amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan Türkmenistan bu ählumumy işde işjeň orny eýelemäge çalyşýar. Kuwwatly wodorod klasterini döretmek milli energetika pudagyny ösdürmegiň geljekki ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edilip, ol yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda ugurdaş merkeziň döredilmegi bu ugurda wajyp ädim boldy. Merkezde Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen bilelikde tebigy gazy plazmohimiýa usuly arkaly gaýtadan işlemek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär, şeýle hem arassa wodorody almak üçin suwuň elektroliziniň tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, tebigy gazyň ägirt uly gorlary ýurdumyzda ýaşyl we mawy wodorody öndürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Gaýgysyz Orazberdiýew, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3NGPYD A talyby.

Ýene-de okaň

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw