DÜNÝÄ

Türkmenistan-Ýaponiýa: infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirer

Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek meselesinde möhüm orny ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine berilýändigi mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar geçen ýylyň dekabr aýynda Tokio şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda gol çekilen infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamanyň Ýol kartasyny işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir aýtdylar.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň çäklerinde energetika, gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işlemek pudaklardaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri