BILIM

Türkmenistan we ÝUNESKO emeli aň hem-de sanlylaşdyrma ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Şu ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalar boýunça institutynyň direktory Tao Žan duşuşdy.

Duşuşyga şeýle hem ÝUNESKO-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça AIW we saglygy goraýyş boýunça sebit geňeşçisi Tigran Ýepoýan, şeýle hem mugallymlar üçin emeli aň we maglumat-mediýa sowatlylygy boýunça maksatnamanyň hünärmeni Tatýana Murowana gatnaşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleriniň wekilleri hem gatnaşyp, milli ösüş ileri tutulýan ugurlary we bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan başlangyçlar barada çykyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginiň syýasy ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu ýagdaý ýurdumyzda häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna (SDG) ýetmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagyna laýyk gelýär. Taraplar bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝUNESKO tarapyndan hyzmatdaşlygyň täze ugurlary teklip edildi. Olar: bilim infrastrukturasynyň ösdürilmegi; mugallymlaryň emeli aň bilen baglanyşykly başarnyklarynyň ösdürilmegi; bilim ulgamynda bahalandyrma işlerinde emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy; «ömür boýy bilim almak» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, şol sanda uly ýaşlylar üçin niýetlenen okuw programmalarynyň durmuşa geçirilmegi; şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň işine intellektual bot ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy.

Mundan başga-da, ÝUNESKO wekilleri ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, mekdep okuwçylarynyň arasynda sagdyn endikleri ösdürmek, ene-atalaryň çagalara bolan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi teklip etdiler. Bu ugurdaky çäreler ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini üpjün etmek bilen, ýurdumyzda adam maýasynyň has-da berkemegine gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi