JEMGYÝET

Türkmenistan we Yrak tebigy gaz boýunça möhüm ylalaşyga gol çekişdi

Yrak Respublikasynyň energetika ministri Ziad Ali Fadel Türkmenistan bilen gündelik 20 million kubmetr tebigy gaz üpjüniligi boýunça şertnama baglaşylandygyny habar berdi. Bu barada Yragyň metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konseriniň başlygy Maksat Babaýewiň Yrak Respublikasynda saparda bolýandygyny mälim edildi. Şol saparyň dowamynda degişli ylalaşyk gazanyldy.

Yragyň ministri bu gaz akymynyň öz ýurdunyň elektrik energetika infrastrukturalaryny gowulandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini belläp, “Bu import edilýän tebigy gaz elektrik stansiýalarymyzyň doly depginde işlemegine mümkinilik berer, milli elektrik torunda durnuklylygy üpjün eder” – diýip, aýtdy.

Energetika ministri Ziad Ali Fadel Türkmenistandan tebigy gazyň Yraga Eýranyň turbageçirijileri arkaly geljekdigini we munuň Şweýsariýada hereket edýän “Loxstone Energy” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mehanizmi arkaly amala aşyryljakdygyny belläp geçdi.

– Şu şertnama gol çekilmegi bir ýyldan gowrak dowam eden tehniki tagallalaryň, köp sanly duşuşyklaryň, özara saparlaryň we geçen ýyl gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň netijesidir – diýip, ministr belledi.

Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konseriniň başlygy Maksat Babaýewiň Yrak Respublikasyna amala aşyraýn saparynyň çäklerinde Yragyň Premýer-ministriniň orunbasary, nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen hem duşuşdy.

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy