DÜNÝÄ

Türkmenistan TürkPA-nyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy. Bu guramanyň parlament düzüminiň mejlisi Gyrgyz Respublikasynyň syýahatçylyk merkezi bolan Issyk-Kul welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirildi.

Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň XI mejlisine Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiň ýolbaşçysy Talant Mamytow, Gazagystanyň Majlisiniň başlygy Erlan Koşanow, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň ýolbaşçysy Sagiba Gafarowa, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop gatnaşdy. Wengriýanyň Milli Geňeşiniň wise-spikeri Şandor Ležak synçy hökmünde, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Mejlisiň çäklerinde halkara gatnaşyklary, hukuk meseleleri, durmuş. medeni we ynsanperwer ugurly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Şeýle hem taraplar TürkPA-nyň 2023-nji ýyl üçin býujetine garadylar. Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň XI mejlisine gatnaşyjylar indiki mejlisi 2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirmek babatda ylalaşdylar.

Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň XI mejlisiniň jemleri boýunça Çolpon-Ata jarnamasy kabul edildi.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar Türk maýa goýum gaznasyny döretmek meselesi boýunça pikir alşyp, 2028-nji ýyla çenli ösüş maksatnamasyny tassykladylar.

Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň XI mejlisine gatnaşyjylar bilen duşuşdy.

 

Döw­let býu­je­ti­ni 3 ýyl­lyk möh­let üçin iş­läp düz­mek göz öňünde tutulýar

 

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri