“Ykdysady ulgam Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýar. Ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görýäris” diýip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardyklaryny mälim etdi.
– Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. ŞHG-ä agza birnäçe döwletler bu foruma iň ýokary derejede gatnaşdy. Munuň üçin men olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine umyt edýäris, diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz deňizüsti ýük daşamalar barada aýdyp, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli boljakdygy aýtdy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn, diýip döwlet Baştutanymyz belledi.