BILIM

Türkmenistan – Türkiýe: bilim ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Ankarada Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) täze bellenen başlygy Abdulhadi Turus bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim, ylym, sport hem-de ýaşlar syýasaty boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we ony ösdürilmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri