BIZNES

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýe Respublikasyna “swop” usuly bilen ugratmak işi ýola goýuldy.

Häzirki wagtda Türkiýäniň Energiýa bazaryny düzgünleşdiriş geňeşiniň (EPDK) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň maý aýynyň görkezijilerine laýyklykda, Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekden 5-nji orny eýeledi. Türkmen tebigy gazynyň eksporty 120.03 million kubmetre deň boldy.

Umuman, maý aýynda Türkiýe 3 milliard 539,11 million kub metr gaz import etdi. Şolardan turbageçiriji arkaly getirilen gaz 3 milliard 161,31 million kub metri (umumy üpjünçiligiň 89,32%-i, 35,3% ösüş), suwuklandyrylan tebigy gaz (LPG) bolsa 377,81 million kub metri düzdi.

Maý aýynda Türkiýä gaz 6 ýurtdan getirilipdir: Azerbaýjan, Russiýa, Eýran we Türkmenistan gazyny turbageçiriji arkaly, ABŞ we Alžir bolsa LPG görnüşinde üpjün etdi.

Türkiyä energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmegini dowam etdirýär we Türkmenistanyň bu işe gatnaşmagy sebitdäki energiýa bazaryndaky ornunyň artýandygyny görkezýär.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri