JEMGYÝET

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Myhman, duşuşmaga wagt tapandygy üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň oňyn içeri we daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrýan hem-de durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy, muňa ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän oňyn başlangyçlar aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabrynda bu gurama synçy hökmünde girmek bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçilikler hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi türki dilli ýurtlaryň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy bilen şertlendirilendir. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça maksatnamalaryňdyr taslamalaryň toplumynyň giňeldilmegi, umuman, bu ugurda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine, onuň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine-de garaldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi