DÜNÝÄ

Türkmenistan Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo-2025” halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň haryt öndürijileri şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo-2025” halkara sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Ataýgulyýew hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer “Halal Expo-2025” halkara sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmaga taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, şeýle hem ulag we logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň haryt öndürijileriň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo-2025” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullady.


Stambulda “Halal Expo 2025” halkara sergisi 2025-nji ýylyň 26-29-njy noýabry aralygynda 11-nji Bütindünýä Halal sammiti bilen bilelikde Stambul sergi merkezinde (IFM) geçiriler. Bu çäre köp sanly ýurtdan 500-den gowrak sergä gatnaşýan we dünýäniň dürli künjeklerinden söwda myhmanlaryny özüne çeker ýaly global halal pudagy üçin möhüm halkara ýarmarkasydyr. Bu sergide halal ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça paneller we seminarlar bilen birlikde sada moda, tebigy we organiki önümler hem-de aýratyn zolaklar bolan dürli halal kepillendirilen önümler görkeziler.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy