DÜNÝÄ

Türkmenistan ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň ХХ ýubileý mejlisiniň başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamine mejlise gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň biziň hyzmatdaşlygymyzy berkitjekdigine, özara gatnaşyklary giňeltjekdigine, döwletleriň her birine durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikler gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleri hem özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ugurlar bolup durýar.

Bu mejlise Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin, Hindistanyň daşary işler ministri Subramanýan Jaýşankar, Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Li Kesýan, Gyrgyzystan Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow, Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustin, Pakistanyň daşary işler ministri Mhamud Şah Kureýşi, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Belarusyň Premýer-ministri Roman golowçenko, Mongoliýanyň Premýer-ministri Luwsannamsraýn Oýýun-Erdene, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammed Mohber gatnaşdy.

 

“Ford” täze nesil “Ranger” modelini hödürleýär

Ýene-de okaň

Putin: Russiýany ykdysadyýetde Ýewropada 1-nji orunda goýýarlar

Rogun GES: dünýädäki iň belent bentden hem netijeliräk näme bolup biler?

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary