DÜNÝÄ

Türkmenistan ŞHG-niň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berýär.

ŞHG-niň bu ýokary derejeli duşuşygy 26-njy oktýabrda Bişkek şäherinde geçiriler. Şeýle hem bu sammite Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, HHR-iň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet Baştutanlary, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşar.

Şeýle hem şol gün gyrgyz paýtagtynda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi hem-de Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Bu ýokary derejeli duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar. Söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyga gönükdirilen birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmenistan gyrgyz paýtagtyndaky ýokary derejeli duşuşyklarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow tarapyndan wekilçilik eder.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri