JEMGYÝET

Türkmenistan ŞHG bilen demirýol we awtoulag gatnawy ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşynda: “Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys” diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistan häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, Gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip edýändiklerini aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi