SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin-de uly gymmatlykdyr, çünki, ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap watanymyzda  «Saglyk» döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulýan çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär we adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak üçin ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, şypahanalar hem-de sport desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 15-nji aprelde açylyp berlen Türkmenbaşy şäherindäki 400 orunlyk köpugurly hassahana aýdyň şaýatlyk edýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda deňiz ýakasynda gurlan bu hassahananyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän aladanyň aýdyň beýany boldy. Agzybir halkymyz bu gün eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşaýar. Mähriban halkymyzyň saglygyny has-da gowulandyrmak barada döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ilaty ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Netijede, milli saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär. Adamlaryň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak, bejermek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, bejerişiň hemmetaraplaýyn we ýokary hilli bolmagy boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda adamlaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek ýurdumyzda doly amala aşyryldy.

Bedenterbiýe we sport ynsanyň beden we ruhy sagdynlygyna täsir edýär. Sport — bu bedenterbiýe maşklarynyň dürli toplumlary boýunça ýaryş we okuw türgenleşikleri guramagyň we geçirmegiň ulgamy. Adamyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy onuň diňe beden däl-de, ruhy taýdan hem kämilleşmegine kömek edýär. Sebäbi sport ýaryşlarynda türgeniň fiziki taýýarlygyndan başga-da, ruhy durnuklylygy zerurdyr. Şonuň üçin bedenterbiýe we sport adamda erk-ygtyýarlylyk, sabyrlylyk, durnuklylyk, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Fiziki maşklaryň we hereketli oýunlaryň üsti bilen şahsyýetiň aň-düşünjesi we pikirlenmesi kämilleşýär.

Ýurdumyzda watançy, sagdyn pikirli, beden we ruhy taýdan kämil, ýokary medeniýetli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredilýär.

Azamat Döwletmuradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yaslara-uly-ynam/

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti