BIZNESJEMGYÝET

Türkmenistan Russiýadan ýeralmanyň tohumyny satyn alar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň tohumyny satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň «ВEЯ ИHBECT» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi