DÜNÝÄ

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň uly bukjasyna gol çekiler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşan Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow belläp geçdi.

– Ertir söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bilşim ýaly, resminamalaryň uly toplumy taýýarlandy, munuň hem biziň duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň we özara hyzmatdaşlygymyzyň ösüşine itergi berýän anyk netijeler bilen tamamlandygynyň görkezijisidir – diýip, Lawrow belledi.

Russiýanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr.

“Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösmegine, sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýäris. Iki ýurduň arasyndaky parlament gatnaşyklary hem täze derejä çykýar” -diýdi.

Ministr ynsanperwer ugurda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy: Aşgabatda Rus drama teatrynyň täze binasynyň gurulmagy, türkmen -rus uniwersitetiniň döredilmegi muňa degişlidir.

Gepleşikleriň ahyrynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa bardy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk