BIZNES

Türkmenistan-Russiýa: deňiz ulaglarynda hünärmenleri taýýarlamak hyzmatdaşlygy

Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygynda G.Garaýew bilen Sowet Soýuzynyň Gahrymany M.P.Dewýataýew adyndaky deňiz we derýa floty institutynyň müdiri — «ВГУВТ» ýokary bilim býujet edarasynyň Kazan şahamçasynyň ýolbaşçysy Ilýas Salahowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda deňiz we derýa floty institutynyň müdiri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhüm ornuna ünsi çekip, ýük daşamak hem-de deňiz-derýa ulag pudagyndaky türkmen hünärmenlerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

Baş konsul hem öz gezeginde Hazar deňziniň üsti bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy.

Türkmen diplomaty häzirki zaman dünýä tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan Balkan gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, G.Garaýew bu pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesiniň ileri tutulýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder