JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: Sebitleriň forumy dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň çäklerinde iki ýurduň hökümet düzümleriniň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine ýetendigini belläp geçdiler.

Döwlet Baştutanlary soňky ýyllarda özara söwdanyň ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler we ikitaraplaýyn söwdanyň gerimini has-da artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.

SENAGAT HYZMATDAŞLYGYNDA “ÝOL KARTASY” DÜZÜLER

Iki ýurduň arasynda ýerlenýän önümleriň sanawyny diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda öýlerini döretmek hem-de üçünji ýurtlaryň bazaryna çykmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutuldy.

Awtoulaglary ýygnamak, himiýa önümlerini, elektrik önümlerini, durmuş enjamlaryny we gurluşyk materiallaryny öndürmek, pagta süýümini, miwe we gök önümlerini gaýtadan işlemek, logistika infrastrukturasyny döretmek ýaly dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda “ýol kartasynyň” taýýarlanmagy teklip edildi.

SEBITLERIŇ FORUMY DÖREDILER

Gepleşiklerde iki ýurduň sebitleriniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Täze hyzmatdaşlyk mehanizmini – Sebitleriň forumlaryny işe girizmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Suw pudagyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Suw meseleleri boýunça hökümetara toparynyň ilkinji mejlisiniň üstünlikli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem gepleşiklerde Owganystandaky ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegiň dowam etdirmäge taýýardyklary mälim edildi.

Gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň ýolbaşçylaryna gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatda anyk mehanizmleri özünde jemleýän “ýol kartasyny” taýýarlamagy tabşyrdylar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda resmi dabara bilen garşylandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady