JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara hyzmatdaşlyk ösdüriler

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garaldy.

Parlamentara dialogyň pugtalandyrylmagy, şol sanda sebitleýin formatda ösdürilmegi kanagatlanma bilen bellendi.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen tarapyny 12-13-nji maýda Aşgabatda birnäçe ýokary derejedäki halkara çäreler – Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň birinji parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Forumyň işini hemişelik sekretariat bilen yzygiderli geçirmek teklibine goldaw berildi.

Şeýle hem halkara gün tertibinde, sebitara ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we köptaraplaýyn guramalaryň çäginde öndürijilikli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmek, şeýle hem Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi meselesinde pikir alyşmalar boldy.

 

Din Tompson: Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy