JEMGYÝET

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berer

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlary, azyk, dokma hem-de hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini berer. Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini bermek boýunça ýörite maksatnamany kabul edipdi.

Şonuň çäklerinde nobatdaky ynsanperwer kömegini bermek babatda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigi derman serişdelerinden, azyk önümlerinden, dokma harytlaryndan we beýleki hojalyk harytlaryndan ybarat ynsanperwer kömegini taýýarlar. Ynsanperwer kömegini ibermek işini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gurar.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň awgustynda hem Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini beripdi.

Mundan başga-da, şu günler Ženewa şäherinde Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahat geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň hökümeti hem gatnaşýar. Şol maslahatda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerine ýetirýän möhüm işleri barada maglumat berildi.

Geçen ýyllarda Türkmenistan öz serişdeleriniň hasabyna Balh welaýatynda gyzlar üçin mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyratyň töwereginde çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi. Şeýle-hem türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanyň çäklerinde ýerleşýän 500 adamlyk metjidiň gurluşygy tamamlandy, onuň açylyş dabarasyna geljek günlerde garaşylýar.

Türkmenistan Owganystan bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ygrarly bolup, ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy