JEMGYÝET

Türkmenistan omikronyň aralaşmagyna garşy goragy güýçlendirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Wise-premýer, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy S.Toýlyýew ýurdumyzda pandemiýa garşy göreş çäreleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylmagy we bu çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýän maglumatlara görä, bütin dünýä howp salýan koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýüze çykarylandygyny we onuň ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy döwletlerde epidemiologik ýagdaýy döredýändigini belläp, häzirki döwürde durnukly epidemiologik-saglyk abadançylygyny mundan beýläk-de gorap saklamak, ýurdumyzyň çägine ýiti ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, ulgamlaýyn görnüşde degişli çäreleriň yzygiderli we güýçli depginde dowam etdirilýändigini hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, saglygy goraýşyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we ählumumy ýokanja garşy göreşmek işinde dünýäniň ösen tejribesini giňden ulanmak, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelýän töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Ýurdumyza ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Zerur waksinalar satyn alnyp, häzirki döwürde hem ilata sanjym geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde sebitde koronawirus ýokanjynyň täze, hususan-da, “omikron» görnüşi ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň gelmegi bilen keselleriň has-da güýjemek mümkinçiliginiň bardygyny nazarda tutup, bu ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak, şeýle ýagdaýlaryň garşysyna göreşmek boýunça häzirki döwürden taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini, zerur bolan sanjym we dermanlyk serişdeleriň üpjünçiligi babatda degişli teklipleriň taýýarlanmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny we ömrüni goramagyň, şeýle hem howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýandygyny belledi we döwletimiziň bu ugurda ähli tagallalary edýändigini, geljekde hem derman serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin hiç hili serişde gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän pandemiýa garşy göreş çäreleriniň häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we bu ugra degişli beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir, pandemiýanyň öňüni almak çäreleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Aýratyn-da, geçirilýän sanjymlaryň oňyn netije bermegi üçin bu çäre adamlaryň ýaşyna görä ýerine ýetirilmelidir we sanjym işleriniň ähmiýeti barada yzygiderli düşündiriş işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

THY: nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady