BIZNES

Türkmenistan nebitgaz pudagyna täze ylalaşyklara gol çekişdi

Mälim bolşy ýaly, şu günler paýtagtymyz Aşgabatda  «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär. Şonuň çäklerinde Türkmenistanyň degişli pudak edaralary bilen daşary ýurtly kompaniýalaryň arasynda nebitgaz pudagynda birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi.

«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň “Shandong kerui petroleum” kompaniýasynyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, Italiýanyň “ProBusiness S.r.l” Germaniýanyň “Hybrid Innovation GmbH” we “RMA Kehl GmbH & Co. KG”, şeýle hem “Crikem DMCC” we “Boshorus” arap kompaniýalary hem-de “Webtoll Services Limited” kompaniýays bilen ylalaşyklar baglaşyldy.

Hytaýyň “Shandong kerui petroleum” kompaniýasy özüniň nebitgaz pudagy babatda öndürýän önümlerini Türkmenistan iberer. Bu kompaniýa nebiti öndürmekde we täze energiýa çeşmelerini ösdürmekde ýöriteleşen çözgüt we hyzmat üpjün edijidir.

 

 

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy