BIZNES

Türkmenistan-Malaýziýa: söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk

2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, senagat, söwda, maýa goýum, logistika we telekeçilik ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösüş ýolunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, Malaýziýanyň türkmen tarapy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Ol şeýle hem Malaýziýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň bazarynda iş alyp barmaga taýýardyklaryny belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň degişli işewür guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, sergilerde we işewürlik forumlarynda hyzmatdaşlyk etmek, iki ýurduň arasynda bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Taraplar şeýle hem halkara we sebit derejesindäki ykdysady ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar birek – birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, geljekde geçiriljek çäreleriň we duşuşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy