SPORT

Türkmenistan Malaýziýa bilen duşuşar

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny ertir, 8-nji iýunda Malaýziýanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:00-da Kuala-Limpur şäheriniň “Bukit Jalil” stadionynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş eder. Milli ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlarynyň Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlarydygyny ýatladýarys. Bu toparçadaky duşuşyklaryň hemmesi hem merkezleşdirilen görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky ikinji garşydaşy 11-nji iýunda Bangladeşiň milli ýygyndysy bolar (11-nji iýun). Üçünji tapgyryň çäginde bolsa Bahreýniň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdana çykar (14-nji iýun).

Saýlama tapgyrynyň jemi boýunça Aziýa Kubogy-2023-iň final tapgyryna ýygyndylaryň 11-si gatnaşmaga (her toparçanyň ýeňijisi hem-de ikinji orny eýelän milli ýygyndylaryň bäşisi) mümkinçilik alarlar.

 

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi