DÜNÝÄ

Türkmenistan ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň 28-nji ýörite mejlisine gatnaşdy.

Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama ýolbaşçylyk edýän türkmen tarapy synçy hökmünde gatnaşmaga çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş sekretary çykyş etdi, agzalan agentligiň Geňeşiniň hasabatlary, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Ekologiýa şertlerini nazara almak bilen, Latyn Amerikanyň ýadrosyz statusyny saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmäge, ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň işiniň esasy ugurlary beýan edildi.

Hususan-da, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyna garaldy.

Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili çykyş etdi. Sebitdäki ýadro ýaragyndan azat zolaglar bilen hyzmatdaşlygyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara tagallalaryny birleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeleri bellenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-2024-nji ýyllarda kabul edilen Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy baradaky kararnamalaryň başyny başlaýjysy bolmak bilen Türkmenistan ýokary döwlet derejesinde yzygiderli bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň güýçli mehanizmleriniň döredilmegine ýardam berdi.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi