DÜNÝÄ

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy

Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşan Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar hem-de bu babatda IACA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki mümkinçilikleri belläp geçdiler.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýa halkara gurama hökmünde 2010-njy ýylda döredilýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmak üçin bu Akademiýa synçy statusy berilýär. Akademiýa BMG we onuň UNODC ýaly degişli düzüm birlikleri, Interpol, ÝHHG, OECD ýaly guramalar bilen ugurdaş işleri özara hyzmatdaşlykda alyp barýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri