BIZNES

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, demir ýollar arkaly konteýnerli daşamalarda üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, bäsdeş nyrhlary düzgünleşdirmek, amatly logistikany ýola goýmak maksady bilen, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna milli daşaýjy “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň goşulmagynyň maksadalaýykdygy öwrenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, multimodal logistika we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz pudagy ösdürmek, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde dürli halkara ylalaşyklara goşulmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy