BILIM

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyly[ “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada tanyşdyrdy.

Mundan başgada, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşi soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, akademiki alyş-çalyşlary hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça taslamalary amala aşyrylýandygyny belledi.

Şeýle hem ýakyn wagtda, Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparynyň çäklerinde garaljak, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi