BILIM

Türkmenistan Kanadada ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk eder

10-18-nji awgust aralygynda žurnalistika kafedrasynyň müdiri H.Ýuwşanow Kanadanyň Toronto şäherinde emeli aň, döredijilik hem-de innowasiýa ugurlary boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen geçirilen duşuşyklara, şeýle hem Kanadanyň milli teleradio korporasiýasynyň (CBC) ýolbaşçylary bilen guralan duşuşyga gatnaşdy.

Geçirilen gepleşikleriň çäklerinde žurnalistika, metbugat, aragatnaşyk, dolandyryş we emeli aň ugurlary boýunça okatmagyň döwrebap usullary, aýratynlyklary, sanly maglumatlaryň ulanylyşy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi