DÜNÝÄ

Türkmenistan-Kanada: syýasy geňeşmeler geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, diplomatlar 2024-nji ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Geljegi uly ugurlaryň arasynda söwda we ykdysady toplum, ýangyç we energetika pudagy, “ýaşyl energiýa”, şeýle hem bilim ulgamy bellenildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri