Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti 16-17-nji awgustda geçirilýän IX Hazar mediaforumyna gatnaşmak üçin Astrahanda bolýar. Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşýan Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, şeýle hem Belarus we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy.
Çäräniň esasy gününde, 17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisini geçirmek meýilleşdirilýär, oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ähliumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär.
Forumyň çäginde «Serhetsiz Hazar deňzi» atly iň gowy žurnalistiki eser ugrundaky bäsleşigiň netijelerini jemlemek dabarasy hem geçiriler. Çäräniň dowamy Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan sazandalary öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestriniň çykyş etjek «Hazar möwsümleri» medeni festiwaly bolar.
