Wellingtondäki Hökümet öýünde Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kironyň gatnaşmagynda ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji bolup bellige alnan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi.
Bu waka Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm tapgyry bolup, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýar. Ilçiniň bellenilmegi ýurduň diplomatik gatnaşygyny giňeltmek we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan ýörite syýasatynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Şu baradaky degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde gol çekdi. Bu Permana laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Ilçisi Atadurdy Baýramow şol bir wagtda Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi wezipesine hem bellenildi.
Mikroneziýa Federatiw Ştatlary bilen bir hatarda, Türkmenistan hem bu Ýuwaş umman döwletine ilkinji gezek ynanç hatlaryny gowşuran ýurtlaryň hataryna goşuldy. Şol gün Sindi Kiro şeýle hem Solomon Adalarynyň Belent Komissarynyň, Polşanyň, Türkiýäniň ilçisiniň, Maldiw Adalarynyň Belent Komissarynyň ynanç hatlaryny kabul etdi.
Dabara diňe bir diplomatik protokol bilen çäklenmän, eýsem Täze Zelandiýanyň baý medeni mirasyny özünde jemleýän dessurlara hem baý boldy. Şolaryň arasynda – maoriler halkynyň burun we maňlaý bilen degip, däp bolan salamlaşyk däbi — “hongi” hem bar.
Ýerli ilatyň wekilleriniň bu resmi dabara gatnaşmagy Täze Zelandiýanyň öz däplerine çuňňur hormat goýýandygyny we olaryň resmi çärelerde giňden ulanylýandygyny görkezdi.
Ilçi Atadurdy Baýramow hem täze bellenen beýleki diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary bilen birlikde bu medeni protokol dessurlaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy, bu bolsa däplere we medeni köpdürlilige bolan özara hormaty alamatlandyrýar.