SPORT

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Şu ýyl Azerbaýjanda geçiriljek III Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň oýunlaryna 1846 türgeniň gatnaşjakdygyny sekiz ýurt tassyklady. Bu barada “Report” habar gullugy mälim etdi.

Maglumatlara görä, GDA giňişligindäki sekiz ýurtdan (Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan) jemi 1846 türgen we 2666 wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bäsleşikde Azerbaýjandan 349, Russiýadan 263, Gazagystandan 259, Özbegistandan 257, Belarusdan 255, Täjigistandan 202, Türkmenistandan 170 we Gyrgyzystandan 85 türgen çykyş eder.

Bäsleşikler 23 sport görnüşi boýunça 12 meýdançada geçiriler.

Ilkinji tapgyrda diňe GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň hasaba alyş amala aşyrylýar. Ikinji tapgyrda bolsa, ýörite çakylyk esasynda bäsleşiklere gatnaşýan, GDA agzasy bolmadyk ýurtlaryň wekiliýetleriniň hasaba alyş işleri alnyp barylýar. Umuman, Oýunlara dünýäniň 23 ýurdundan takmynan 5500 gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bellenilip geçilse, III GDA Oýunlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň ýedi şäherinde – Genje, Ewlahe, Mingýaçewir, Gabala, Şeki, Geýgeli we Hankendi şäherlerinde geçiriler. Açylyş dabarasy 28-nji sentýabrda, ýapylyş dabarasy bolsa 8-nji oktýabrda Genje şäher stadionynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady