BIZNES

Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz ibermekde öňdeligi eýeleýär

Türkmenistan şu ýylyň awgust aýynda Hytaý Halk Respublikasyna 2,9 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” habarlar gullugy habar berýär.

Şeýlelikde, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Hytaýa iň uly tebigy gaz iberiji ýurtlaryň biri bolup durýandygyny bellenildi. Ikinji orunda Russiýa barýar we bu ýurt Hytaýa 2,4 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi. Üçünji orundaky Awstraliýanyň Hytaýa ýerlen tebigy gazynyň möçberi 2,278 milliard kub metre deň boldy.

Hytaý awgust aýynda 13,2 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy. Turba geçirijiler arkaly tebigy gazyň üpjünçiligi 10 göterim artyp, 5,5 milliard kub metre deň boldy.

Türkmenistanyň tebigy gazy Hytaýa Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly iberilýär. Bu gaz geçirijiniň dördünji şahasy gurmak boýunça gepleşikler dowam etdirilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkant şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapy Türkmenistanyň bu gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak baradaky teklibini goldap çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi