2023-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 6-njy Hytaý halkara import sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli çärä dünýäniň 154 ýurdyndan we sebitlerden 3400 töweregi kärhana gatnaşýandygy barada Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tassyklaýarlar.
Oba hojalygy, azyk senagaty, awtoulag gurluşygy, çalgy ýaglar, ätiýaçlyk şaýlar, himiýa senagaty, dürli internet tehnologiýalar, kompýuter önümçiligi we üpjünçiligi, dokma senagaty, bezegler, lukmançylyk enjamlary, dermanlyk serişdeleri, taslamalar, oýlap tapmalar ýaly ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylýan bu halkara serginiň türkmen tarapyndan utgaşdyryjysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Hytaýyň 6-njy halkara import sergisine ýurdumyzyň Söwda toplumyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar.
Bu abraýly, halkara derejesinde geçirilýän sergä ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň gatnaşmagy, olaryň öz öndürýän ýokary hilli önümlerini dünýäniň import-eksport ugrunda iş alyp barýan işewürlerine tanyşdyrmaga, dürli ýurtlar bilen ykdysady-söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýakyn gelejekde özara bähbitli gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berer.
Import harytlarynyň altynjy halkara Hytaý sergisi 10-njy noýabra çenli dowam eder.
