Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzdaky durky täzelenýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz ir bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş ulgamyna degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi barada aýdyldy. Meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine möhüm üns berilýär.
Şeýle hem myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çärelerini guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek we baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada aýdyldy.