JEMGYÝET

Türkmenistan Halkara ýoga gününiň çäresine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 20-nji iýunynda Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” sport kompleksiniň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga gününe bagyşlanan çäre geçirdi.

Diplomatik korpusynyň wekilleri, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýoga bilen meşgullanýan ýaşaýjylary çärä çäklendirilen görnüşde gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Halkara ýoga güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministriniň başlangyjy esasynda döredildi. Bu başlangyjy goldan ýurtlaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ilerledilmegi, şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýola goýulmagy we sportuň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy