SPORT

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Londonda geçirilen Uimbldon Ýokary derejeli ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň (FTT) başlygy, Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Dowletow bilen Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyp, FTT bilen ITF-iň arasynda özara hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň taýýarlanylyşy barada maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň habar bermegine görä, gol çekilmegine garaşylýan bu resminama dünýäniň 213 milli tennis guramalaryny birleşdirýän abraýly halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň Aşgabat şäherine bolan sapary munuň üçin güýçli itergi boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň mart aýynda Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polski bilen bilelikde ilkinji gezek Türkmenistana geldiler.

Duşuşyga şeýle hem ITF-iň menejeri Tim Jons gatnaşdy. Ol ýylyň dowamynda türkmen tennisçileri tarapyndan gazanylan üstünlikleri aýratyn belläp geçdi. Iýun aýynda Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilen 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionatynda türkmen gyzlar topary üstünlikli çykyş edip, ilkinji gezek Singapurda 25–30 awgust aralygynda geçiriljek Aziýanyň toparlaýyn çempionatynyň finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Mundan başga-da, zenanlar ýygyndy toparymyz Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen Billie Jean King Cup (Group III Asia/Oceania) sebitleýin ýaryşynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem erkekler ýygyndy toparymyz Türkiýäniň Manawgat şäherinde ilkinji gezek gatnaşan «ITF Master’s World Team Championship» halkara ýaryşynda dünýäniň iň güýçli sekiz toparyň hataryna girmegi başarmagy – türkmen tennisiniň taryhynda möhüm waka boldy. ITF-iň wekili türkmen tennisçileriniň başga-da birnäçe şahsy ýaryşlarda gazanan üstünliklerini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri