MEDENIÝET

Türkmenistan Halkara habarlar merkezini açdy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Halkara habarlar merkezini açyp, komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Ozal hem bu barada berlen hasabata görä, dünýäniň maglumat giňişliginde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini giňden beýan etmek, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň esasy habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Merkeziň esasy wezipesi ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga görnüşli dokumental filmleri, wideogörnüşleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň telelýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden we beýlekilerden ybarat bolar.

Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ugurdaş bölümlerden ybarat bolan täze merkezi Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy