SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Gruziýada BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk günine bagyşlanan her ýylky halkara forumy açyldy.
Çärä birnäçe ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlar, syýahatçylyk ministrleri, halkara guramalarynyň wekilleri we syýahatçylyk çygryndaky hünärmenler gatnaşýarlar. Foruma Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze, şeýle hem BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etdiler.
Bu ýyl «Syýahatçylyk we parahatçylyk» – Bütindünýä syýahatçylyk gününiň esasy temasy bolup durýar. Bu çäräniň çäklerinde maslahatlaşyk plenar mejlisler geçirilýär, ol ýerde syýahatçylygy ösdürmegiň global tendensiýalary we pudagyň ösüşine hem-de parahatçylygyň ähmiýet dogrusynda maslahatlaşmalar geçirildi.
Syýahatçylyk halklaryň we medeniýetleriň arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi ösdürmek hem-de ylalaşdyryjy ýollara itergi beriji gural hökmünde möhüm orun eýeläp biljekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri