DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

Özbegistanyň Samarkant şäherinde GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Bu mejlise Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleri bilen bir hatarda hyzmatdaş halkara guramalaryň wekilleri hem gatnaşdylar. Parlament wekilleri saýlawlary, sala-salyşlyklary we olara syn bermegiň ugurlary babatdaky kanunlara seredip geçdiler.

Mundan başga-da, howpsuzlyk, ylym we bilim, intellektual işjeňlik we beýleki ugurlar boýunça birnäçe resminamalara seredildi. Arkalaşygyň döwletleriniň nusgawy kanunlary, deputatlary we senatorlaryndaky hukuk kadalary geljekde öz ýurtlarynyň milli kanunçylyklarynda ulanyp bilerler.

GDA-nyň 30 ýyllygynyň dowamynda 600-den gowrak resminama işlenip düzüldi we GDA ýurtlarynyň parlamentlerine iberildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa öz çykyşynda häzirki şertlerde kanunlaryň sazlaşygyny üpjün etmekde we kanunçylyk tejribesinde tejribe alyşmakda parlamentara gatnaşyklarynyň ösmeginiň möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy