BIZNES

Türkmenistan-Gazagystan: telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk

Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” milli telekeçiler palatasynyň geňeşiniň başlygy Ablaý Myrzahmetow Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen duşuşdy. Bu barada gazak işewürlik edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Gazagystanyň “Atameken” milli telekeçiler palatasynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. Palatanyň eksport goldawy, sertifikatlaşdyrmak we täjirçilik okuwlary üçin alyp barýan işleri uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy gazak tarapynyň hyzmatlary sanlylaşdyrmak ugrundaky tejribäsini ulanmak isleýändiklerini aýtdy.

Gazak tarapy ähli ugurlarda, esasanam agrosenagat toplumy we gurluşyk ýaly pudaklarda Gazagystan-Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” milli telekeçiler palatasynyň geňeşiniň başlygy Ablaý Myrzahmetowyň Aşgabatda bilelikdäki söwda öýüni döretmek baradaky başlangyçlary türkmen wekiliýeti tarapyndan goldanylandygy mälim edildi.

Duşuşygyň netijesinde, taraplar ýakyn wagtda bilelikdäki hereket meýilnamasyna gol çekip, Türkmenistanyň iri telekeçilik birleşmesi bilen “Atameken” milli palatasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek babatda  ylalaşdylar.

 

Futbol janköýerleri wizasyz Russiýa gelip bilerler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder