DÜNÝÄ

Türkmenistan-Eýran: parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.

Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda, özara saparlary guramaga aýratyn üns berildi.

Iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alyp barýan köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy hem bellenildi.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, ileri tutulýan ugurlar hökmünde ekologiýa, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga üns çekildi.

Taraplar şeýle-de iki ýurduň zenanlarynyň arasyndaky dialogyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Ýene-de okaň

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy