BIZNES

Türkmenistan “Expo Iran” atly halkara sergisine çagyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem   kämilleşdirmegiň we özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman Türkmenistanyň hususyýetiçileriniň we önüm öndürijileriniň öndürýän harytlaryny Eýran Yslam Respublikasynyň bazarynda mahabatlandyrmak maksady bilen, “Expo Iran” atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek, serhetýaka welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda çäreleri hem-de türkmen-eýran  sergi we ýarmarka çärelerini bilelikde guramak hakynda özara pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder