SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – energetika döwleti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda gaz pudagy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýär we ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Bu pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek, ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar.

Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ibermekde köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullarynyň ulanylyş gerimini giňeltmek ýangyç-energetika toplumyny ýokary depginde ösdürmegiň wajyp wezipeleridir.

Munuň özi Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.

Geçen ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalara badalga berildi. Hususan-da, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy.

Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny, maýalaryny çekmegiň hasabyna bu işleri işjeňleşdirmek boýunça möhüm wezipeler durýar. Şunda gözleg işlerini geçirmäge, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda nebit ýataklaryny özleşdirmek, olaryň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň möçberleriniň we görnüşleriniň yzygiderli artdyrylýandygyny hem bellemek gerek. Nebithimiýa senagatyny ösdürmekde içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmek möhüm ähmiýete eýedir. Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolman, himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümler, boýaglar, nebit, gazhimiýa önümleri öndürilýär.

Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmäge, täze infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ählumumy parahatçylygyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine möhümdir.

Amandurdy Borjakow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler