BIZNES

Türkmenistan dünýäniň işewürleriniň üns merkezinde

2023-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda «Türkmenistan ─ maýa goýum we ösüş» atly iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan forum geçirildi.

Bu foruma halkara guramalaryň wekilleri, Ýaponiýa, Azerbaýjan Respublikasy, ABŞ, Fransiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniýa Federatiw Respublikasy ýaly ýurtlardan 74 sany iri kompaniýanyň 150-den gowrak wekilleri, Türkmenistandan hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.

Forumda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň mümkinçilikleri edilen çykyşlarda hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklarda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistan ─ maýa goýum we ösüş» atly forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder