SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Adamyň saglygy barada gürrüň açylsa, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri göz öňünde janlanýar. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösyän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünyä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň berilýär.

Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmancylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir.

Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär we meşhurlykdan peýdalanýar. Bu ösümlik dünýäsiniň halk lukmançylygynyň ensiklopediýasy okyjylaryň millionlarçasy üçin elýeterli boldy. Ylmy iş dünýä ýurtlarynyň halklaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk babatda tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna mynasyp goşantdyr.

Gadymy döwürlerden bäri adamlar ösümlikleriň bejerijilik güýjüni anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri öz ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzyň we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň mundan beýläkki ösüşi üçin amaly taýdan gymmatlydyr. Çünki neşirde ýüzlerçe ösümlik barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere, aýratyn-da, dünýäde giňden ýaýramadyk görnüşli ösümliklere baýdyr.

Häzirki zamanyň himiki barlaghanalary tebigatyň döreden ösümlikleriniň özboluşly düzüm baglanyşygyny ýüze çykarmaga ukyplydyr. “Ýaşyl” barlaghanalarda geçirilýän synag işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan serişdeler adamlaryň kesele garşy durnuklylygyny pugtalandyrýar we olaryň köp sanly keselleri ýeňip geçmegine ýardam berýär. Munuň özi halk lukmançylyk usullarynyň dikeldilmegi we häzirki zaman fitoterapiýa ugurlarynyň ösüşi bilen şertlendirilendir. Soňky ýyllarda bu ugruň tarapdarlary barha artýar.

Iňlis dilinde neşir edilen baý mazmunly ensiklopediýa dünýä okyjylarynyň Türkmenistan bilen tanyşlygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Çünki bu kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň usullary, dermanlyk ösümlikleriň atlary, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň manysy babatda gymmatly hasaplanýan bu ylmy işi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan ynsanperwer başlangyçlaryň gerimi, ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijeleri bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga oňyn mümkinçiligi üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllardan bäri neşir edip gelýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň geçen ýyl XVI jildi çapdan çykdy. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze jildinde “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Şeýle hem eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşar.

Bahar Araşewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy

Ýene-de okaň

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler