DÜNÝÄ

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirer

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlise gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Guramanyň häzirki gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça, şeýle hem 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammitinde we Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisinde kabul edilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar birnäçe möhüm çäreleri gurnamagyň, şol sanda şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Ulag ministrleriniň nobatdaky duşuşygy bilen bagly meselelere garadylar.

Sebitde umumy ykdysady ösüş üçin zerur bolan sebitleýin ulag-aragatnaşyk toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen Guramanyň ykdysady gün tertibiniň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

 

 

COVID 19: Halkara sertifikaty üçin haýsy resminamalar zerur

Ýene-de okaň

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy