DÜNÝÄ

Türkmenistan çagalara sanjym geçirmekde Merkezi Aziýada öňde barýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu babatda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyndan ugur alynýar. Bu meýilnama ýurdumyzyň hem-de durnukly ösüşiň ählumumy bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanda döwlet derejesinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamyna, aýratyn hem enäniň we çaganyň saglygyny goramaga uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ÝUNISEF tarapyndan eneligi we çagalygy goramak ulgamynda berilýän goldaw hem-de giň gerimli milli taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda BSGG bilen bilelikde azyk önümlerini baýlaşdyrmak we ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek hem-de çagalaryň sanjymyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde taslamalary durmuşa geçirmekde berýän kömegi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan çagalara sanjym geçirmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde öňde barýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde gol çekilen özara hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, Türkmenistan BSGG tarapyndan ygtyýarlandyrylan immunobiologik serişdeleri yzygiderli satyn alyp, ilatyň muzdsuz sanjym edilmegini gurady.

 

9-njy martda saýlawlary geçirer

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk