Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygyna gatnaşan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.
Onuň dowamynda “Team Europe” sebitleýin maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Energeitka we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine seredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak işi barada aýdyldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bu babatda türkmen tarapynyň ÝB goldawyna ýokary baha berýändigini belledi.
Ýewropa komissary Urpilaýnen Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy babatda tehniki ýardamy bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Şeýle hem duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da wodorod energetikasy, metan gazlarynyň zyňyndysyny azaltmak babatda pikir alşyldy. Bu babatda hyzmatdaşlyk üçin hereket meýilnamasyny bilelikde işläp düzmegiň möhümdigi bellenildi.
Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bilelşiginiň “GIZ” taslamasy bilen ýaşyl energetika babatda şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.
Şeýle hem Ýutta Urpilaýnen türkmen tarapyny 2024-nji ýylda Brýusselde geçiriljek maýadarlaryň forumyna çagyrdy.